UFC Nurmagomedowy Newadanyň Atletik komissiýasy bilen ýaraşdyrmak boýunça gepleşikleri geçirýär

  • 10.11.2019 20:52
  • 7k+

Absolýut göreş çempionaty (UFC) rus göreşiji Habib Nurmagomedowyň we Newada ştatynyň Atletik komissiýasynyň ýaraşygy barada gepleşikleri alyp barýar. Bu barada TACC-a salgylanmak bilen Trend-iň habar bermegine görä, žurnalistlere Moskwadaky turnirden soň UFC-niň wise-prezidenti Dawid Şou habar beripdir.
“Biz atletik komissiýasy bilen gatnaşygy saklaýarys we olaryň Habib bilen ähli düşünişmezliklerini çözjekdigine ynanýarys” – Şou aýdýar.
Öň Nurmagomedow oňa ýazda Las-Wegasda göreşmegi hödürländikleri barada habar beripdi, ýöne ol bu şäherde komissiýa ondan ötünç soraýança çykyş etmez.
Nurmagomedow we irlandiýaly Konor Makgregor Las-Wegasda 2018-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda UFC 229 turnirinde başa-baş göreşe çykypdylar. Şonda rus göreşijisi ýeňiş gazandy. Göreşden soň göreşijileriň komandalarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda uruş ýüze çykdy. 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Newada ştatynyň Atletik komissiýasy irland göreşijini alty aý diskwalifisirledi, rus türgenini – dokuz aý.
Nurmagomedowyň häzirki wagta çenli 28 ýeňşi bar, ýekejede ýeňlişi ýok.

şu gün 16:49
1.4k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

şu gün 15:54
4.6k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

şu gün 15:49
3.6k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

şu gün 12:33
1.5k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...