Çempionlar Ligasynda “PSŽ”, “Bawariýa” we “Ýuwe” eýýäm pleý-offda

  • 08.11.2019 05:42
  • 2.1k+

Çempionlar Ligasynda çynlakaý intrigalar bäş toparyň arasynda dowam edýär.
C Topar. “Şahtýor” we “Dinamo Zagreb” futbol klublarynyň hersinde bäş utuk bar. Indiki tapgyrda ähli zat iki şert arkaly çözüler: eger-de “Şahtýor” “Sitini” myhmançylykda utsa, “Atlanta” bolsa öz öýünde horwatlary ýeňse. Onda topardan ukrainler we iňlisler çykar. Beýleki islendik netijeler ikinji orun ugrundaky göreşi altynjy tapgyra çenli çeker.
E Topar. “Napoli” bilen bagly geň zatlar bolupgeçýär. Indiki tapgyrda islendik netije bolup biler. Ýöne “RB Zalsburgdan” arataapawur heniz hem – 4 utuk.
F Topar. Gyzykly zatlaryň ählisi şu ýerde bolar. Tertip şeýle: “Barselona” ( 8 utuk), “Borussiýa” (7), “Inter” (4), “Slawiýa” (2). Katalonlaryň öňde italýanlar, nemesler bilen oýunlary bar, muňa garamazdan, olaryň pleý-offa çykmagy üçin bir ýeňiş hem ýeterlik.
G Topar. “Zenit” “RB Leýpsigden” utuldy, ýöne esasy bäsdeşler bilen (“Benfika” we “Lion”) duşuşyk heniz öňde, şonuň üçin ähli ýalňyşlyklary düzetmek mümkin.
N Topar. Bu ýerde hem çekeleşikli göreş bolar. “Aýaksyň”, “Çelsiniň” we “Walensiýanyň” hersinde 7 utuk bar, ispanlaryň öňde göni bäsdeşleri bilen duşuşygy bar, beýlekiler “Lill” bilen ikinji tapgyrda heniz oýnanoklar.
“Lokomotiw” bilen ýagdaý nähili?
Tertip şeýle: “Ýuwentus” (10 utuk). “Atletiko” (7), “Lokomotiw” (3), “Baýer” (3). Teoretiki taýdan ikinji orny eýelemäge mümkinçilik bar: iki oýnuň dowamynda alty utuk gazanmaly (“Baýer” öz öýünde, “Atletiko” myhmançylykda, ispanlary üç gol tapawut bilen utmaly).
Şahsy duşuşyklar boýunça “Baýerden” üstünligi barka Ýewropa Ligasynda “Loko” öňdebaryjy. Jemleýji tapgyrda nemesler öz öýünde, delillendirilmedik, “Ýuwe” bilen oýnar.

düýn 16:49
2k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 15:54
6.4k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

düýn 15:49
5k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

düýn 12:33
1.8k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...