Katarda Dünýä çempionaty-2022-niň myhmanlary beduin çadyrlarynda ýaşap bilerler

  • 28.10.2019 23:40
  • 4.3k+

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň myhmanlary diňe bir myhmanhanalarda ýaşamak mümkinçiligine eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, wagtlaýyn blok-konteýnerlerde, beduin çadyrlarda we Dohi paýtagtyndan demirgazykda Qetaifan emeli adasyndaky ýüzýän willalarda hem ýaşamaklyga mümkinçilik gazanarlar.
1,3 mln. Kw. m. bolan Qetaifan Island North adasy Lýuseýl şäheri, oýnuň açylyşynyň we ýapylyşynyň geçiriljek stadiony bilen awtomobil köprüler arkaly birleşdiriler. Gurluşygyň 2022-nji ýyla çenli tamamlanjak birinji tapgyrynda 350 nomere niýetlenilen bäşýyldyz myhmanhanasyny we dünýäde iň uzyn gorkoly akwaparky, bazar, söwda merkezi we suwly kanaly gurmak göz öňünde tutulýar.
Beýik öýleriň ýerinde futbol boýunça dünýä çempionaty döwründe janköýerleriň ýerleşmegi üçin çempionat ruhunda stilleşdirilen metal blok-konteýnerleri, milli beduin çadyrlaryna meňzeş çadyrlar gurnalar.
Ýaşaýşyň şeýle görnüşi gymmat myhmanhanalara ýerleşmäge mümkinçiligi bolmadyk futboluň muşdaklary üçin hem amatly alternatiw bolar. Konteýnerlerde we çadyrlarda ýerleşmekligiň bahasy bir gije-gündiz üçin 30-50 dollardan ýokary bolmaz. Häzirki wagtda Kataryň myhmanhana fondy 600 müň nomere barabar, çempionata bolsa 1,5 million adamyň gelmegine garaşylýar.

düýn 16:49
2k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 15:54
6.4k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

düýn 15:49
4.6k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

düýn 12:33
1.8k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...