BAE-niň roweri noýabrda Aýa uçurylmak üçin ähli synaglardan geçdi

  • 14.10.2022 12:24
  • 12k+
BAE-niň roweri noýabrda Aýa uçurylmak üçin ähli synaglardan geçdi

«Raşid» roweri Birleşen Arap Emirlikleriniň ilkinji Aý missiýasynyň çäklerinde Aýa ugradylmak üçin ähli zerur synaglardan geçdi. Bu barada çarşenbe güni Muhammed bin Raşid (MBRSC) adyndaky Kosmiki merkez habar berdi.  

"BAE-niň Aý missiýasynyň hünärmenler topary "Raşid" roweriniň uçuş nusgasyna daşky şertleriň täsirini synagdan geçirdi, şol sanda termowakuum synaglaryny, wibrasiýa durnuklylyk synagyny we daşky urgulara garşy durmak ukybyny synagdan geçirmegi tamamlady. Şunlukda, roweriň BAE-niň Aýyň üstüne amala aşyrýan birinji missiýasyna gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady" - diýip, merkeziň sosial torlardaky habarynda aýdylýar.

"Raşidi" Aýyň üstüne Ýaponiýanyň Ispace hususy kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan, goýberilýän HAKUTO-R apparatynyň kömegi bilen eltmek meýilleşdirilýär.
Kompaniýanyň maglumatyna görä, lunohody goýbermek üçin badalga penjiresi 9-15 noýabr diýip bellendi. Ol Florida ştatyndaky Kanaweral burnunda ýerleşen badalga meýdançasyndan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketa-göterijiniň kömegi bilen goýberiler.
Bu missiýa şowly bolan ýagdaýynda BAE Aýyň üstüne rower düşürmegi üstünlikli amala aşyran (ABŞ-dan, Russiýadan we Hytaýdan soň) dördünji ýurt bolar.


25.06.2024 13:46
7.2k+

BAE-de gadymy Tuam şäheriniň harabalyklary tapyldy

BAE-de arheologlar gadymy şäheriň harabalyklaryny tapdylar, olar muny arap çeşmelerinde agzalýan, ýitirilen Tuam şäheri bolmagy mümkin diýip hasaplaýarlar. Açyş Umm-el-Kuweýn sebitinde ýerleşýän Al-Sinniýa adasynda...

16.05.2024 13:37
13k+

Dubaýdaky Al-Sinniýa adasyndaky dürçüler şäheriniň harabalyklary IV asyra degişli hasaplanylýar

Arheologlar Dubaýyň 42 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Al-Sinniýa adasyndan birnäçe gadymy oturymly ýerleriň galyndylaryny tapdylar. Tapyndylar sebitiň irki taryhyny açýar diýip, BAE-niň Syýahatçylyk we arheologiýa...

10.05.2024 10:34
3.8k+

Huawei Dubaýda geçiren tanyşdyryşynda köp sanly täze önümlerini hödürledi

7-nji maýda Dubaýda (BAE) Huawei-iň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu Huawei-iň soňky birnäçe ýylyň dowamynda ilkinji halkara tanyşdyrylyşydyr, munda kompaniýa bir wagtda diňe bir önümlerini däl, eýsem, özüniň özbaşdak...

15.02.2024 16:07
22k+

Dubaýda taksiler gökden ýol ýasar. 2026-nji ýyla çenli şäherde uçýan taksiler işe giriziler

Dubaý täjirçilik elektrik howa taksi hyzmatyny we uçýan taksiler üçin uçuş-gonuş meýdançalaryny işe girizjek dünýäde ilkinji şäher bolmagy maksat edinýär. Dubaýyň Ýollar we ulag müdirligi (RTA) bilen ABŞ-nyň Joby...