26-njy sentýabrda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa Nýu-Ýorkda geçen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň umumy maslahatynda çykyş etdi.
Onuň bellemegine görä, ykdysady we ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň dikeldilmegine çagyrmak bilen, dawalary we düşünişmezlikleri çözmegiň ýeke-täk makul usuly dialogdyr.
A.Ataýewa howpsuzlygyň ählumumy arhitekturasy çynlakaý synaglara sezewar edilýär diýip duýdurmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň alternatiwasynyň ýokdugyny mälim etdi. Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga päsgel berýän çylşyrymly ýagdaýlary agzamak bilen, ol dialog üçin bar bolan meýdançalary berkitmegiň we wajyp ählumumy meseleler boýunça hökümetara gepleşikleri geçirmek üçin täzelerini döretmegiň mümkinçiliklerine seretmegiň zerurdygyny nygtady.
Halkara gatnaşyklarynda ynanyşmaga esaslanýan dialogyň filosofiýasyny mundan hem beýläk öňe sürmek maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Baş Assambleýa «Dialog — parahatçylygyň kepili» rezolýusiýasynyň taslamasyny teklip etmek isleýändigi bellendi.
Hemişelik wekil ählumumy azyk howpsuzlygynyň häzirki wehimleri bilen bagly ynjalyksyzlyklaryny beýan etmek bilen, halkara jemgyýetçiligini ählumumy azyk bazarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge we gowşak goragly ýurtlary azyk bilen üpjün etmegiň çylşyrymly meseleleriniň çözgüdini bilelikde gözlemäge çagyrdy. Şu maksat bilen ol Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forum geçirmegi teklip etdi.
A.Ataýewa Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginiň we suw gorlarynyň meseleleriniň aýgytlaýjy ähmiýete eýedigini nygtamak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin klimat tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmäge çagyrdy. Türkmenistan şu kontekstde zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmagyň tarapdary bolup galýandygyny tassyklady.
Şeýle hem pandemiýa temasy gozgaldy, onuň netijeleriniň, COVID-19 ýokanjy bilen göreşmek we medisina diplomatiýasynyň gurallaryny döretmek bilen bir hatarda, utgaşykly tagallalary talap edýändigi aýdyldy.