Dünýä ýygyndysy ilkinji gezek tennis boýunça Leýweriň Kubogyny utdy

  • 26.09.2022 14:45
  • 5.5k+

Amerikaly tennisçi Frensis Tiafo gresiýaly Stefanos Sisipasy utup, "Leýweriň Kubogy" toparlaýyn ýaryşynda dünýä ýygyndysyna ýeňiş getirdi. Ýaryş Londonda geçirildi diýip, TASS habar berýär.

Duşuşyk dünýa ýygyndysynda çykyş edýän Tiafonyň peýdasyna 1:6, 7:6 (13:11), 10:8 hasabynda tamamlandy. Sisipas Ýewropanyň toparynda çykyş etdi. Dünýä ýygyndysy 13-8 umumy hasap bilen ýeňiş gazandy.
Ýewropanyň ýygyndysynyň we dünýä ýygyndysynyň çykyş edýän Leýweriň Kubogy bäşinji gezek geçirildi. Toparyň kapitanlary "Uly tuwulga" ýaryşlarynyň 11 gezek ýeňijisi we dünýäniň öňki birinji raketkasy Býorn Borg we "Uly tuwulga" ýaryşlarynyň ýedi gezek çempiony, dünýäniň eks-birinji raketkasy amerikaly Jon Makinroýdyr. 
Dünýä ýygyndysy ýaryşyň ilkinji gezek ýeňijisi boldy. Ýewropanyň ýygyndysy geçen dört ýaryşda-da ýeňiş gazandy, 2020-nji ýylda ýaryş koronawirus pandemiýasy sebäpli geçirilmedi. 


düýn 17:28
2.7k+

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda aýdyň üstünlik gazanyp, 2026-njy ýylda Aziýa we Okeaniýa zolaklarynyň IV toparynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bu ajaýyp waka Isa-Taun şäherindäki...

21.11.2025 12:38
2k+

Tanymal tennisçi Rojer Federer Halkara tennis şöhrat zalyna giriziler

Şweýsariýaly Rojer Federer 2026-njy ýylda Halkara tennis şöhrat zalyna giriziler. Dabara 27-29-njy awgustda Nýuport amerikan şäherinde geçiriler diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berdi. “Meniň üçin Halkara tennis şöhrat zalyna girmek we sportuň bu görnüşiniň köp sanly beýik çempionlarynyň ýanynda durmak uly hormat...

16.11.2025 23:06
3.6k+

Arina Sobolenko bir möwsüm zenan tennis ýaryşy üçin rekord 15 million dollar gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko Zenanlaryň tennis birleşiginiň (WTA) bir möwsümde gazanan baýrak pullary boýunça rekordyny goýdy. 2025-nji ýylda belarusly tennisçi kortda 15 million dollardan gowrak girdeji gazandy diýip, Tennis...

11.11.2025 10:18
3k+

Karlos Alkaras ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň reýtinginde ýene birinji orny eýeledi. Reýtingiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi. Turinde ATP ýaryşy başlamazdan öň oýunçylardan geçen ýylky çykyşlary üçin utuklar aýryldy...