Microsoft Windows 10-y 2025-nji ýylyň oktýabryna çenli goldajakdygyny tassyklady

  • 23.09.2022 11:23
  • 2.5k+

Microsoft korporasiýasy bir ýyl mundan ozal köpçülige elýeterli bolan täze operasion ulgamy Windows 11-iň ilkinji iň uly täzelenmesini (22H2) çykardy. Şunuň bilen birlikde, korporasiýa Windows 10-y 2025-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli goldajakdygyny habar berdi. Muny 3dnews.ru ýetirýär.

“Biz henizem Windows 10-a ygrarly we şonuň üçin Windows 10-a 2025-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli hyzmat etmegi dowam ederis” – diýip, žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Microsoft-yň programma önümlerini dolandyryş bölümçesiniň ýolbaşçysy Jon Keýbl aýtdy.

Bu ulanyjylaryň Microsoft-yň programma platformasynyň täze wersiýasyna geçmäge howlukman bilýändiklerini aňladýar. Windows 11-iň kämilleşip, täze funksiýalara eýe bolýandygyna garamazdan, Windows 10 gowy alternatiwa bolmagynda galýar. Şeýle-de, Microsoft Windows 11-e çenli mugt täzelenmäniň tamamlanjak möhletini heniz mälim etmedi. Şundan ugur alsak,Windows 11-i mugt ulanmaga ýene birnäçe wagtyň dowamynda geçmek bolar.
Belläp geçsek, Microsoft-yň Windows 10-y 2025-nji ýyla çenli goldamakçydygy baradaky bildirişi garaşylmadyk bir zat däl, sebäbi ol bu barada geçen ýyl hem mälim edipdi. Şonda Windows 10-a goldawyň 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda tamamlanjakdygy habar berildi. Korporasiýanyň ulanyjylary Windows 11-e geçmäge çagyrýandygyna garamazdan, bu meselede howlukmagyň zerurlygy ýokdur.


14.02.2026 19:03
1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.4k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
879

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...