Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş etdi

  • 02.09.2022 07:26
  • 5.2k+
Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş etdi

1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Bilimler we talyp ýaşlar gününde guralýan bu forum mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň özboluşly badalgasy boldy.

Ýaşlar forumyna gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan göçme sergä aýlanyp gördüler. Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de welaýatlarynyň derejesindäki düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň gün tertibine guramanyň öňünde durýan möhüm meseleler, täze taryhy döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň tapgyrlary hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.
Forumyň gün tertibi tassyklanylandan soňra, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada çykyş etdi. Hasabatda Ýaşlar guramasynyň  2019 — 2022-nji ýyllarda dürli ugurlar boýunça alyp baran işleriniň maglumatlary beýan edildi. VII gurultaýyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar guramaçylyk meselesine garadylar. Şunlukda, guramanyň täze ýolbaşçylary ― Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygyň orunbasary wezipesine Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy.
Arakesmeden soň, gurultaýyň işine Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutany ilki ýörite guralan göçme sergä aýlanyp gördi. Soňra hormatly Prezidentden ýaşlar forumynyň wekilleriniň adyndan gurultaýda çykyş edip bermegi haýyş edildi.
Döwlet Baştutany çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň eýeleýän orny, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, bu babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde netijeli işleri alyp barýan Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.


düýn 12:10
1.5k+

Aşgabatda «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi öz işine başlady

Şu gün, 14-nji noýabrda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty öz işine başlady...

12.11.2024 16:56
1.8k+

Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

11-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar...

12.11.2024 16:53
2.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuwda COP29 mejlisine gatnaşýar

11-nji noýabrda Baku şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 29-njy mejlisi (COP29) öz işinde başlady. Howanyň üýtgemegi bilen bagly maslahata...

12.11.2024 09:08
10k+

Serdar Berdimuhamedow häkimlerden welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy

11-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan...