Smart sagatlaryň dünýä bazary ösmegini dowam etdirýär

  • 28.08.2022 08:56
  • 6.9k+

Counterpoint Technology Market Research kompaniýasy häzirki ýylyň ikinji çärýeginde akylly el sagatlarynyň global bazaryny öwrenmek bilen çykaran netijelerini mälim etdi. Ykdysady kynçylyklara we inflýasiýanyň ýokary derejesine garamazdan, şeýle gajetlere bolan isleg ýokarlanmagyny dowam etdirýär diýip, 3dnews.ru belleýär.

Aprel aýyndan iýun aýy aralygynda akylly sagatlaryň global iberilişi geçen ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdirilende 13% ýokarlandy. Analitikler oňyn dinamika ýakyn geljekde dowam eder diýip çaklaýarlar.
Pudagyň iň uly oýunçysy, takmynan, 29,3% paý bilen Apple bolmagynda galýar. Deňeşdirmek üçin: bir ýyl ozal bu kompaniýa akylly sagatlaryň global bazarynyň 30,6%-ini eýeleýärdi. Ikinji orunda 2021-nji ýylyň ikinji çärýegindäki 7,4%-e garşy 9,2% netije bilen Samsung ýerleşýär. Üçlügi netijesi 9,0%-den 6,8%-e çenli peselen Huawei jemleýär.

düýn 12:14
2.2k+

2025-nji ýylda dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň infografikasy: IT ägirtleri öňde

2025-nji ýylda dünýäde iň uly girdejileri häzirem tehnologiýa, maliýe we energetika pudaklarynyň kompaniýalary gazanmagyny dowam etdirýär. Dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň reýtinginiň ýokary orunlaryny Alphabet, Apple we Microsoft tehnologiýa korporasiýalary eýeledi...

05.12.2025 16:50
1.8k+

Apple-iň esasy interfeýs dizaýneri Meta kompaniýasyna geçýär

Apple-iň interfeýs dizaýny boýunça wise-prezidenti Alan Daý 31-nji dekabrda Meta kompaniýasyna işe geçer. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi. Soňra maglumaty Apple-iň wekili tassyklady. Meta-da Alan Daý dizaýn boýunça direktor wezipesini eýelär...

05.12.2025 11:31
5.2k+

Samsung 20 ýyl bäri telewizor bazarynda öňde barýar, ýöne TCL, Hisense we Xiaomi hem tijenýär

Samsung Electronics, hytaýly bäsdeşleriniň artýan basyşyna garamazdan, yzygiderli 20 ýyl bäri iň iri telewizor öndüriji bolmagynda galýar. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde iberiş mukdary we teleýaýlym bazaryndaky girdeji paýy boýunça birinji orny eýeledi, ol girdeji bir ýyl öňki 28,6%-den ýokarlanyp, 29,0% -e ýetdi...

05.12.2025 08:59
5.2k+

Apple bäsdeşlerden yza galýandygy sebäpli emeli aň bölüminiň başlygyny çalyşdy

Apple korporasiýasy maşyn bilimini we emeli aňy ösdürmek boýunça strategiýany işläp taýýarlamaga jogap berýän Apple Intelligence bölümçesindäki üýtgeşmeler barada habar berdi. Muny The Guardian ýetirýär. Bölüme ýedi ýyl ýolbaşçylyk eden Jon Jannandrea işden çykaryldy...