Sentýabr aýy Türkmenistanyň durmuşynda möhüm wakalara baý bolar

  • 27.08.2022 16:46
  • 43k+

Sentýabr aýy hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşynda möhüm wakalardyr çärelere baý bolar. Şolara görülýän taýýarlyk işleri barada 26-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy hem-de 2022-nji ýylyň şygary mynasybetli çäreleriň baýramçylyk maksatnamasynda maslahatlary, “tegelek stol” maslahatlaryny, döredijilik bäsleşiklerini, brifingleri, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäreler toplumyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolar. Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. Sentýabr aýynyň üçünji ongünlüginde Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazanylanlaryň sergisi guralar.
Baýramçylyk günlerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň meşhur medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. Paýtagtymyzda we welaýatlarda medeni-durmuş, önümçilik binalarynyň açylyşy mynasybetli dabaralar guralar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sentýabrda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


11.05.2026 22:55
896

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......