«Hatyra» kitabynyň üçünji jildi täzeden neşir edildi

  • 25.08.2022 13:31
  • 13k+

«Hatyra» kitabynyň üçünji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda we ýaralanmak zerarly hassahanalarda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.

1993 — 1998-nji ýyllar aralygynda çap edilen bu giň gerimli işiň üçünji jildi şu ýylda gaýtadan neşir edildi. Bu neşirde Daşoguz welaýatynda önüp-ösen türkmenistanly gahrymanlaryň ýagty ýadygärligine sarpa öz beýanyny tapýar. Ozal bar bolan maglumatlaryň ulgamlaşdyrylmagy, üstüniň doldurylmagy hem-de elipbiý tertibinde ýerleşdirilmegi okyjylaryň maglumatlary özleşdirmegini ýeňilleşdirýär hem-de täze neşiriň tapawutly aýratynlyklarynyň biri bolup durýar.
Neşiriň üçünji jildi Türkmenistanyň hem-de GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň harby komissarlyklarynyň, Daşoguz welaýatynyň şäherleriniň we etraplarynyň durmuş üpjünçiligi bölümleriniň resminamalaryny, uruş weteranlarynyň ýatlamalaryny, terjimehal maglumatlaryny, ylmy makalalary, döwürleýin neşirleri, şeýle hem wepat bolan esgerleriň garyndaşlarynyň beren maglumatlaryny öz içine alýar. Arhiw maglumatlaryna görä, Türkmenistandan urşa 200 müňden gowrak esger, şol sanda Daşoguz welaýatyndan 30 müňe golaý adam çagyrylypdyr. Olaryň 8 müňden gowragy wepat bolupdyr we söweş meýdanlarynda dereksiz ýitipdir.
Kitapda esgerlerden gelip gowşan üçburç hatlar ýerleşdirilýär, uruş ýyllarynda hem-de häzirki günlerde döredilen, aýratyn ruhy joşgun bilen tapawutlanýan goşgular getirilýär. Täze neşirde esgerleriň doglan güni we ýeri, harby derejeleri, aradan çykan, jaýlanan wagty baradaky maglumatlardan başga-da, esgeriň goşuna çagyrylan ýeri hem-de ýyly hakynda maglumatlar görkezilýär.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......