Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabadyň iri gurluşyklaryndaky işler bilen tanyşdy

  • 24.08.2022 12:40
  • 21k+

23-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan işler hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentiň dikuçary, ilki bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezine tarap ugur aldy. Soňra dikuçar Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşen hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan häzirki zaman lukmançylyk merkezlerine tarap ugur aldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara newrologiýa hem-de Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezleriniň ýanaşyk ýerleri, paýtagtymyzyň saglygy goraýyş düzüminiň üstüni ýetirjek 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurulmagy teklip edilýän çäkleri bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanynyň dikuçary Aşgabadyň günorta künjegindäki ajaýyp ýerleriniň birinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň üstünde öwrüm etdi. Soňra döwlet Baştutany paýtagtymyzyň merkezinde gurulýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binasynyň gurluşygynyň barşyny, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda dowam edýän işleri hem synlady. Döwlet Baştutanynyň dikuçary paýtagtymyzda döredilen “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň,  Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan söwda merkeziniň ýokarsyndan öwrüm etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow uçuş belentliginden Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan dürli maksatly binalary, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny synlady. Hormatly Prezident Aşgabadyň üstünden uçuşy tamamlap, paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň we Nurmuhammet Andalyp köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda gurluşygy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerlerine degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Hormatly Prezidente paýtagtymyzyň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulyp hödürlenen taslamalaryň, desgalaryň aýratynlyklary barada wise-premýer Ç.Purçekow hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alyp, şäherdäki awtomobil köprüleri, olaryň ulanylyş aýratynlyklary, ýerasty geçelgeleriň bezeg işleriniň görnüşleri, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada giňişleýin hasabat berdi.


16.04.2026 22:10
8.7k+

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň wekili bilen «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň......

16.04.2026 14:57
1.1k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň täze ilçisi bilen duşuşdy

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi....

16.04.2026 14:51
1.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdi

15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni kabul etdi....

14.04.2026 14:32
5.8k+

Serdar Berdimuhamedow Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedini Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär....