Reuters: Forbes 630 mln dollara biznesini satmagy göz öňünde tutýar

  • 06.08.2022 09:39
  • 4.7k+

“Forbes” amerikan žurnaly öz biznesini azyndan 630 mln dollara satmak mümkinçiligini öwrenýär. Biržada ýerleşdirmek üçin žurnal CitiGroup amerikan bankyny işe çekdi diýip, Reuters agentligi “Forbesiň” wekiline salgylanyp habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

“Gyzyklanma bildiren taraplar köp boldy, şonuň üçin biz resmi satuw işine başladyk we CitiGroup bu işe ýolbaşçylyk etmek üçin işe çekildi” – diýip, agentlik žurnalyň wekiliniň sözlerini getirýär.

“The New York Times” tarapyndan getirilen şertnama baradaky resminama görä, “Forbes” 2021-nji ýylda 200 mln dollardan gowrak girdeji gazandy, düşewünt bolsa 40 mln dollardan gowrak boldy.
Maý aýynda žurnal maksatly birleşmek we satyn almak boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýa SPAC (special purpose acquisition company) arkaly bazara çykmaga synanyşdy. Ýöne “Forbes” maýadarlaryň arasynda biržada ýerleşdirmegiň bu usulynyň özüne çekijiliginiň peselmegi sebäpli şertnamany ýatyrdy diýip, gazet ýazýar.


düýn 19:42
6.1k+

Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy 600 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Oktýabrda ol ilkinji bolup 500 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygynyň ösüşiniň esasy sebäbi SpaceX kompaniýasynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy boldy...

09.12.2025 21:31
12k+

29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy

29 ýaşly braziliýaly telekeçi, Kalshi platformasyny esaslandyryjylaryň biri Luana Lopes Lara baýlygyny öz güýji bilen gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy. Bu barada Forbes USA habar berýär. Lopes Lara Kalshi platformasyny maliýeleşdirmegiň täze tapgyryndan soň milliarder statusyny aldy...

27.11.2025 23:20
6.4k+

Google-yň egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlügine girdi

Google kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Sergeý Brin 245 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji üçlügine girdi. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, ol Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisondan öňe geçdi...

20.10.2025 17:43
1.9k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...