Serdar Berdimuhamedow iri sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türgenleri gutlady

  • 03.08.2022 12:24
  • 15k+

Şu gün - 3-nji awgustda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Bu waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi.

"Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär. Bu bolsa biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türgenlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny şertlendirýär. Garaşsyz döwletimiziň türgenleri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar we baýrakly orunlary eýeläp, altyn medallara hem mynasyp bolýarlar" diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow: "2021-nji ýylda ýurdumyzyň sportunyň taryhynda täze üstünlikli sahypalar açyldy. Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça türgen gyzymyzyň gazanan kümüş medaly Türkmenistanyň sport ussatlarynyň öňünde gazanyp bolmajak üstünligiň ýokdugyny subut etdi" diýmek bilen, milli ýygyndy toparlaryň agzalarynyň döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleri arkaly görkezmelidiklerini belledi. 

"Türkmen türgeni adyna mynasyp bolan sport ussatlarymyzyň halkara derejeli ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýurdumyza gelýän medallaryň sanawyny has-da artdyrjakdyklaryna, halkara sport giňişliginde özleriniň gazanan üstünlikleri bilen Döwlet baýdagymyzy mundan beýläk-de belentde parlatjakdyklaryna pugta ynanýaryn" diýip, döwlet Baştutany ýeňijilere iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.1k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......