Draupadi Murmu kasam kabul edip, Hindistanyň 15-nji prezidenti boldy

  • 25.07.2022 18:46
  • 22k+

Draupadi Murmu duşenbe güni kasam kabul edip, resmi taýdan Hindistanyň 15-nji prezidenti boldy. Dabara Nýu-Delide ýurduň parlamentiniň merkezi zalynda geçirildi diýip, TASS habar berýär.

“Maňa garaşsyzlygyň 75 ýyllygynda bu wezipäni eýelemek bagty miýesser etdi. Bize erkinlik üçin söweşijilerimiziň garaşsyz Hindistanyň raýatlaryna beren umytlaryny ödemek üçin tagallalarymyzy işjeňleşdirmek gerek” – diýip, Murmu kasam kabul edilenden soň prezident hökmünde ilkinji sözlän sözünde aýtdy. 

Murmu – Jarkhand ştatynyň öňki gubernatory. Ol gündogar Odişa ştatynyň santallar taýpasyndan (munda halkynyň iň uly taýpasy) çykan. Murmu Hindistanyň ikinji aýal prezidenti boldy (birinji Pratibha Patol bolupdy, 2007 – 2012). Şeýle-de, ol “erkin ýurtda”, ýagny 1947-nji ýylda döwlet tarapyndan britaniýalylardan garaşsyzlyk alnandan soň doglan Hindistanyň birinji prezidenti boldy.  

“Biziň demokratiýamyzyň güýji uzak taýpa sebitinde doglan garyp maşgalanyň gyzynyň Hindistanyň iň ýokary konstitusion wezipesine ýetip bilmegindedir. Meniň üçin asyrlarboýy ösüş artykmaçlyklaryndan mahrum bolanlaryň, garyplaryň, ezilenleriň, taýpadan bolan adamlaryň mende öz keşbini görmegi uly bagt” – diýip, Murmu öz sözünde belledi.


24.05.2026 10:33
2.4k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......

22.05.2026 14:19
1.9k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

16.05.2026 09:24
5.2k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....

13.05.2026 22:49
6.7k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......