Boeing Merkezi Aziýa ýurtlaryny geljek 20 ýylda uçarlaryny satyn alyjylaryň sanawyndan aýyrdy

  • 21.07.2022 14:01
  • 19k+

Boeing global ykdysady çökgünligiň perspektiwasy hem-de Russiýa we Merkezi Aziýa uçarlary ibermek bilen bagly näbellilik sebäpli geljek ýigrimi ýylda täjirçilik uçarlary üçin çak edilýän islegi azaltdy. Bu barada centralasia.media habar berýär.

Amerikan awiagurluşyk korporasiýasy 2041-nji ýyla çenli sargyt edijilere 41,2 müň uçar ibermegi meýilleşdirýär. Bir ýyl ozal çaklamada bu görkeziji 43,6 müňdi diýip, Bloomberg agentligi belleýär. Boeing ýolagçy akymynyň ýyllyk ösüşi baradaky çaklamasyny hem 4 göterimden 3,8 göterime çenli peseltdi. 
Çaklamalaryň peseldilmegi geosyýasy we ykdysady sarsgynlaryň täjirçilik aerokosmiki pudaga uzak möhletleýin täsir edip biljekdigini aňladýar. Boeing-iň Ýewropadaky bäsdeşi Airbus hem energiýa bahalarynyň ýokarlanmagyna esaslanyp, geljek ýigrimi ýylda ýolagçy akymy bilen bagly çaklamalaryny peseltdi. 
Boeing çaklamadan aýrylan uçarlaryň köpüsini – 1500 howa gämisini Russiýa ibermekçidi. Indi korporasiýa 2022 – 2041-nji ýyllar üçin üpjünçilik kartasyny hödürledi we onda Russiýa bilen Merkezi Aziýa çal reňk bilen reňklenipdir, bu hem uçarlaryň şol ýerlere iberilmejekdigini aňladýar.
Şol bir wagtyň özünde korporasiýa geljek onýyllykda täze uçarlaryň satuwy durnukly bolar, sebäbi awiakompaniýalara pandemiýadan soň awiagatnawlara bolan islegi kanagatlandyrmak üçin flotuny artdyrmak gerek diýip hasaplaýar. Korporasiýanyň çaklamasynda ekspluatantlara geçen ýyl 2030-njy ýyla çenli diýlip çaklanylan 19 330 uçar bilen deňeşdirilende, 2031-nji ýyla çenli 19 575 sany täze uçaryň gerek boljakdygy aýdylýar.


10.10.2025 09:23
4.7k+

Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär. A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy...

31.07.2025 14:29
5.7k+

Boeing korporasiýasy ýitgileri azaldyp, girdejini 35% ýokarlandyrdy

Boeing korporasiýasy ikinji çärýek üçin maliýe netijelerini hödürledi. Ýitgi 176 mln dollar boldy we bu 2024-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli azdyr. Şol wagt ýitgi 1,09 mlrd dollar bolupdy. Hasabat döwründe girdeji analitikleriň çaklamalaryndan ýokary bolup, 22,75 mlrd dollara ýetdi...

24.07.2025 14:30
6.6k+

Merkezi Aziýadaky ösüşiň hasabyna Coca-Cola-nyň çärýek girdejisi 58% ýokarlandy

Coca-Cola 2025-nji ýylyň ikinji çärýegi üçin maliýe netijeleri bilen paýlaşdy. Hödürlenen hasabata görä, kompaniýanyň arassa girdejisi 3,8 mlrd dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 58% ýokarydyr...

17.05.2025 08:59
8k+

Katar «Boeing» bilen 200 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy

Kataryň «Qatar Airways» döwlet awiakompaniýasy «Boeing» amerikan konserni bilen 160 uçar satyn almak boýunça 200 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Dohadaky gol çekiş dabarasynda habar berdi...