Renault I ýarymýyllykda awtomobil satuwyny 30% azaltdy

  • 13.07.2022 17:51
  • 2.1k+

2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Fransiýanyň awtomobil konserni Renault SA dowam edýän ýarym geçirijileriň ýetmezçiligi we Russiýanyň bazaryndan gitmegi sebäpli, satuwy ýyllyk hasabynda 29,7%, 1 000 199 birlige çenli azaltdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde habar berilýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

Toparyň deňeşdirip bolýan satuwy (kompaniýanyň söwdasy üçin ikinji uly bazar bolan Russiýany hasaba almazdan) 12% azaldy. 
Renault-yň ýanwar – iýun aýlarynda esasy satuwy Fransiýanyň paýyna düşdi (241,6 müň ulag), ikinji orny indi Italiýa eýeleýär (74 müň), soňra Germaniýa (72,64 müň), Türkiýe (67,25 müň) we Braziliýa (53,15 müň) gelýär.
Kompaniýanyň Ýewropanyň iň uly bäş awtoulag bazaryndaky paýy (Fransiýa, GFR, Ispaniýa, Italiýa we Beýik Britaniýa) 2021-nji ýylyň birinji ýarymyndaky 53% bilen deňeşdirilende, 66%-e çenli ýokarlandy.
2022-nji ýylyň başyndan bäri Renault kompaniýasynyň kapitallaşdyrmasy tas dörtden bir (7,1 mlrd ýewro çenli) azaldy, şol bir wagtyň özünde CAC 40 fond indeksi 16,3% pese düşdi. 

düýn 17:02
4.8k+

Toyota Corolla 2026 Ýewropada täze ýalpyldysyz Onyx Grey reňkine eýe boldy

Toyota Ýewropa bazary üçin Corolla modeliniň täzelenendigi barada habar berdi. Esasy täzelik bu model üçin ilkinji gezek ulanylan ýalpyldysyz Onyx Grey lak-boýag örtügi boldy. Bu reňk GR SPORT hetçbegi we Touring Sports uniwersaly üçin elýeterli bolar...

düýn 11:42
2.8k+

BYD batareýadaky kemçiligi sebäpli 90 müň töweregi gibridlerini yzyna gaýtarýar

Hytaýyň BYD awtoulag konserni programma üpjünçiligini täzelemek üçin Hytaýda 90 000 töweregi gibrid ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Bu kompaniýanyň soňky iki aýyň dowamyndaky ikinji gezek yzyna çagyryşydyr...

04.12.2025 13:40
2.8k+

Honda Aýa uçýar: kompaniýa raketalary we Aý bazalary üçin ulgamlary taýýarlaýar

Honda kosmosy özleşdirmek boýunça meýilnamalary bilen paýlaşdy. Iýunda kompaniýa Ýaponiýanyň Hokkaýdo prefekturasyndaky poligonda uzynlygy alty metr bolan köp gezeklik raketanyň prototipiniň uçuşyny we gonuşyny üstünlikli amala aşyrdy...

03.12.2025 14:55
23k+

Aşgabatda täze «Toyota» merkezi gurulýar

Aşgabatda «Toyota» awtoulaglaryny satyş we satuwdan soň hyzmat etmek boýunça döwrebap Merkeziň gurluşygyna girişildi. Türkmenistanyň Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi bilen hyzmatdaşlygyny berkitmäge niýetlenen bu toplumy 2027-nji ýylyň dekabr aýynda açmak meýilleşdirilýär...