Harby ugurly ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary başlanýar

  • 06.07.2022 01:44
  • 26k+

5-nji iýulda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň Meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglarynyň geçirilip başlanýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe, içeri işler ministri M.Hydyrowa, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýewe, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýewe ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň okuw mekdeplerinde geçiriljek giriş synaglarynyň bellenen kadalara doly laýyk geçirilmegine, şeýle hem okuwlara mynasyp ýaşlaryň kabul edilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy. Şol bir wagtyň özünde ugurdaş okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olarda okatmagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagyna üns çekildi. 


düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......