Fernandinýo “Atletiko Paranaense” klubuna dolanyp geldi

  • 29.06.2022 06:21
  • 7.5k+

Ýarym goragçy Fernandinýo braziliýaly klub “Atletiko Paranaense” bilen şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär.

Iýun aýynda erkin agent bolan 37 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2024-nji ýylyň ahyryna çenli niýetlenýär. Ol toparda bäşinji belgi bilen çykyş eder.
“Atletiko Paranaenseniň” baş tälimçisi Luis Felipe Skolari bolup, onuň ýolbaşçylygynda Fernandinýo 2014-nji ýylyň dünýä çempionatynda Braziliýanyň milli ýygyndysynda oýnady. Ýaryşyň jemi boýunça, braziliýalylar dördünji orny eýelediler.
Fernandinýo “Atletiko Paranaenseniň” ýetişdiren oýunçysy bolup, ol esasy topar üçin 2002-nji ýyldan 2005-nji ýyl aralygynda oýnady. 2005-nji ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda ol Doneskiň “Şahtýor” toparynda çykyş edip, onuň düzüminde alty gezek Ukrainanyň çempionatynda ýeňiji hem-de 2008/09-möwsüminde UEFA-nyň Kubogynyň (häzir – Ýewropanyň ligasy) ýeňijisi boldy. 2013-nji ýylda ýarym goragçy Angliýanyň “Mançester Siti” klubuna geçdi we topar bilen bilelikde bäş gezek Angliýanyň Premýer-ligasynyň, alty gezek Angliýanyň ligasynyň Kubogynyň, iki gezek Angliýanyň Super kubogynyň we bir gezek ýurduň Kubogynyň ýeňijisi boldy. Fernandinýo topar üçin 383 oýna gatnaşyp, 26 gol girizdi we 33 netijeli geçirim etdi.
“Atletiko Paranaense” Braziliýanyň çempionatynyň jedwelinde üçünji orny eýeleýär, 14 oýundan soň toparyň hasabynda 26 utuk bar. 29-njy iýunda klub Libertadoresiň kubogynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýnunda Paragwaýyň “Libertad” topary bilen duşuşar.  


şu gün 14:15
3.3k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.4k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......