2023-nji ýylyň başyndan Microsoft Windows 8.1-i goldamagyny bes eder

  • 27.06.2022 13:20
  • 3.7k+

2023-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan başlap,  Microsoft Windows 8.1-i goldamagyny bes eder. Bu baradaky habar The Verge neşiriniň saýtynda peýda boldy. Microsoft eýýäm indiki aýdan agzalan OC wersiýanyň ulanyjylaryna degişli habary ýollap ugrar. 

10-njy ýanwardan soň amerikan IT-ägirdi Windows 8.1 üçin howpsuzlygyň giňeldilen täzelenişlerini goýbermegi bes eder. Diýmek, gürrüňi edilýän önümi ulanýan ulanyjylar we kärhanalar mejbury ýagdaýda täze Windows-a geçmeli ýa-da töwekgellige salyp, könelen wersiýa bilen oňňut etmeli bolarlar. 
Hatda Microsoft-yň öz maglumatlaryna görä-de, Windows 8.1-iň dolandyrmagyndaky aglaba kompýuterler operasion ulgamyň iň wajyp wersiýasyna — Windows 11-e geçip bilmezler.

«Windows 8.1-li ýa-da Windows 11-li gurluşlaryň köpüsi Windows 11-e çenli täzelenmek üçin apparatyň talaplaryna laýyk gelmezler. Alternatiwa hökmünde, programma üpjünçiliginiň doly wersiýasyny satyn almak we girizmek arkaly, Windows 8-li we 8.1-li personal kompýuterleri Windows 10-a çenli täzelemek bolar» — diýip, The Verge Microsoft-yň goldaw gullugynyň saýtyndaky belligi getirýär. 

Ýöne Windows 10-yň özüniň hem «ömri gysgalyp» barýar. Microsoft 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda OU-yň bu wersiýasyny goldamagyny bes eder.
Windows 8.1-iň birinji wersiýasy 2013-nji ýylyň oktýabrynda çykypdy. Esasanam täze wersiýa beýle bir şowly çykmadyk, düşnüksiz Metro interfeýsi üçin tankyda sezewar bolan Windows 8 goýberilenden soň, OU-yň abraýyny dikeltmek üçin döredilipdi.


11.07.2025 19:22
1.9k+

EA Microsoft-a 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga kömek etdi

Emeli aň Microsoft korporasiýasyna soňky bir ýylda koll-merkezleriniň işinde 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga mümkinçilik berdi diýip, Bloomberg habar berýär. Bu barada maglumaty Microsoft-yň baş täjirçilik müdiri Jadson Oltoff aýtdy...

10.07.2025 23:41
904

Microsoft-yň Edge brauzeri rekord 300 millisekuntda sahypalary ýüklemegi öwrendi

Microsoft kompaniýasy sahypa geçenden soň 300 millisekuntdan hem az wagtda mazmuny - teksti, suratlary ýa-da interfeýsiň elementlerini görkezip başlaýan Edge brauzeriniň tizliginiň gowulaşandygyny habar berdi. Bu barada The Verge neşiri habar berdi...

10.07.2025 12:05
1.3k+

Windows 11-de öňünden ornaşdyrylan programmalary öçürmek ýeňilleşdirildi

Insider Preview maksatnamasy arkaly paýlanyp başlanan Windows 11-iň 25H2 wersiýasynda, öňünden ornaşdyrylan programmalary ýeňil öçürmäge mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu täzelik ulgamyň resmi täzelenmesi çykarylansoň, diňe Pro wersiýasyny ulanýanlar üçin elýeterli bolar...

09.07.2025 11:47
1.9k+

Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan ozduryp, dünýäde iň meşhur OS boldy

2025-nji ýylyň iýulynda Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan öňe geçip, stolüsti kompýuterler üçin iň köp ulanylýan operasion ulgam boldy. StatCounter-iň berýän maglumatlaryna görä, Windows 11 häzirki dünýä bazarynyň 52%-ini eýeledi, Windows 10-yň paýy bolsa 44,59%-e çenli azaldy...