Maryda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy

  • 23.06.2022 09:15
  • 4.9k+

22-nji iýunda Mary şäherindäki Ruhyýet köşgünde Medeniýet hepdeligi — 2022-niň dabaraly açylyşy boldy. Giň gerimli medeni forum her ýyl ýurdumyzyň sebitleriniň birinde geçirilip, onuň dowamynda her welaýat öz ýeten sepgitlerini, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşine goşan goşandyny, döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge çalyşýar.

Medeniýet hepdeligi — 2022-niň açylyş dabarasy ir bilen Mary şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada geçirildi. Bu ýere Hökümet agzalary, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, welaýat we şäher häkimlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, Mary şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary ýygnandylar. Foruma gatnaşýan wekiliýetleriň hatarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden tanymal teatr artistleri, estrada we halk aýdymçylary, muzeý, kitaphana işiniň hünärmenleri, sazandalar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, döredijilik hem-de folklor toparlary bar.
Bu ýerde halkymyzyň baý medeni mirasy barada gürrüň berýän sergi ýaýbaňlandyrylyp, onda amaly-haşam, nakgaşçylyk sungatynyň önümleri, halk senetçiligi ussalarynyň işleri, milli lybaslar, şaý-sepler, saz gurallary, türkmen halkynyň durmuşda ulanýan hojalyk esbaplary görkezildi.
Dabara sungat ussatlarynyň, dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri — ýaş ýerine ýetirijileriň, meşhur saz toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.


düýn 23:23
398

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

30.04.2026 18:37
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

30.04.2026 17:01
4.9k+

Maryda uçurymlar üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

8-nji maýda Mary welaýatynda uçurymlaryň işe ýerleşmegine ýardam bermäge gönükdirilen «Boş iş orunlarynyň we hünärmenleriň ýarmarkasy» geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy......

30.04.2026 16:55
2.5k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....