Finlýandiýanyň ýygyndysy dördünji gezek hokkeý boýunça dünýäniň çempiony boldy

Finlýandiýanyň ýygyndysy dördünji gezek hokkeý boýunça dünýäniň çempiony boldy

Finlýandiýanyň ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final oýnunda goşmaça berlen wagtda 4:3 hasap bilen Kanadanyň ýygyndysyny ýeňdi. Duşuşyk Finlýandiýanyň Tampere şäherinde geçdi.

Finlýandiýanyň ýygyndysynyň düzüminde geçiren şaýbalary bilen Mikael Granlund (45-nji we 46-njy minutlar), Ýoel Armiýa (55), goşmaça wagtda bolsa Sakari Manninen (67) tapawutlandylar. Kanadalylardan Dilan Kozens (25), Zak Uaýtklaud (58) we Maks Komtua (59) şaýba geçirdiler. Ikinji geçirilen şaýbadan soň, şikes alandygy üçin Kanadanyň ýygyndysynyň derwezebany Kris Drijer buzuň üstünden çykyp gitmeli boldy, onuň ornuna Mett Tomkins oýna girdi.
Finlýandiýanyň ýygyndysy dördünji gezek dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy. Öň finler 1995, 2011-nji we 2019-njy ýyllarda ýeňiji bolupdylar. Fin hokkeýçileri on gezek kümüş we üç gezek bürünç sylaga mynasyp boldular.
Öň ýekşenbe güni Çehiýanyň ýygyndysy 8:4 hasap bilen dünýä çempionatynyň üçünji ýerini eýelemekde ABŞ-nyň toparyndan üstün çykdylar.