Apple USB Type-C zarýad berijili iPhone-y synag edýär

  • 15.05.2022 10:07
  • 9.9k+
Apple USB Type-C zarýad berijili iPhone-y synag edýär

Amerikanyň Apple kompaniýasy häzirki wagtda täze iPhone-nyň prototipini synagdan geçirýär. Onda kompaniýanyň gurluşlaryna mahsus bolan adaty Lightning zarýadkasy üçin porta derek beýleki öndürijileriň köpsanly modellerine mahsus bolan USB Type-C üçin kese deşik bolar. Bu barada anna güni Bloomberg agentligi habar berýär diýip, TASS habar berdi.

Eger kompaniýa şeýle gurluşlary bazara çykarmak kararyna geläýse, onda olar 2023-nji ýyldan bärde çykmaz, sebäbi bu ýylyň täze telefonlarynda Lightning portlary bolar diýip, bellenýär.
Telefonlara şolar ýaly portlary oturtmak bilen, kompaniýa ulanyjylara zarýad berijiniň şol bir simine Apple-iň dürli gurluşlaryny birikdirmäge mümkinçilik berer. Sebäbi öndürijiniň gajetleriniň bir bölegi eýýäm eýýäm USB-C bilen enjamlaşdyrylan: mysal üçin, iPad-iň köp planşetleri we Mac noutbuklary.
Geçen ýylyň sentýabrynda Ýewrokomissiýa Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda ähli smartfonlaryň, planşetleriň, foto we diwokameralaryň, oýun prsitawkalarynyň zarýad berijileri üçin USB-C girişli standarty girizmegi teklip etdi. Apple şol wagt Ýewrokomissiýanyň bu teklibiniň tehnologiýalar ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmaga päsgel berjekdigini belledi.


01.08.2024 15:08
3k+

Beýnisine implant oturdylan ysmaz hassa pikiriň güýji bilen Apple Vision Pro-ny dolandyrýar

Synchron neýrotehnologiki startapy beýni implantynyň Apple Vision Pro garniturasyna üstünlikli çatylmagyny mälim etdi. Synchron beýni-kompýuter interfeýsi (brain-computer interface, BCI) ysmaz hassa aň arkaly enjamlary...

18.07.2024 12:36
2.2k+

Şertli ady - Moohan: Samsung Apple Vision Pro-nyň bäsdeşi boljak VR şlemini taýýarlaýar

Samsung Apple Vision Pro-nyň bäsdeşi boljak garyşyk hakykat şlemini çykarmaga taýynlanýar. Business Insider-iň berýän maglumatlaryna görä, “Moohan” diýlip atlandyrylan bu enjam 2025-nji ýylyň başynda, belki-de...

03.07.2024 12:58
5.2k+

Apple iPhone batareýalaryny çalyşmagy aňsatlaşdyrýar

Apple 2025-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň elektronikany abatlaýyş işlerini gowulandyrmaga gönükdirilen täze düzgünlerine laýyklykda iPhone batareýalarynyň çalşyrylmagyny aňsatlaşdyrmagy meýilleşdirýär. Hususan...

02.07.2024 13:38
6.6k+

Apple iPhone-ny ýygnama boýunça iş ýerleriniň 50%-ini azaldyp, robotlar bilen çalyşýar. Emma munuň hem kynçylyklary bar

Ýakyn ýyllarda iş ýerleriniň 50%-ni azaltmagy maksat edinýän Apple iPhone ýygnaýan zawodlarynda giň gerimli awtomatlaşdyrma işlerini geçirýär. The Information neşiri bu kararyň 2022-nji ýylyň ahyrynda Hytaýda pandemiýa...