Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynda bank kartlary arkaly töleg edip bolýar

  • 14.05.2022 19:43
  • 34k+

Jemgyýetçilik ulagynda ýol tölegini Türkmenistanyň ähli banklarynyň «Altyn asyr» we «Maşgala» kartlary bilen töläp bolar. Täze hyzmaty «Türkmenawtoulaglary» agentligi işe girizdi. Bu barada agentligiň resmi saýty habar berýär.

Hyzmat şäher awtobuslarynyň ählisinde elýeterli edildi. Indi ýolagçylar NFC galtaşyksyz tölegi goldaýan plastik kartlaryny ulaglara girelgede oturdylan walidatora degirmek arkaly töleg edip bilerler. Bank kartynyň hasabynda ýeterlik pul serişdesi bolmalydyr (iň bolmanda bir gezeklik gatnawa ýeterlik).
Bu taslama ulag ulgamyny sanlylaşdyrmak maksatnamasynyň hem-de ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmagyň çäklerinde işe girizildi.


düýn 20:16
1.2k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

düýn 16:07
3.5k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

düýn 14:40
1.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

02.06.2026 17:31
1.3k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....