Geçen 4 aýda Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri nähili?

  • 07.05.2022 15:15
  • 9.7k+

Hökümetiň 6-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlary aralygynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda we sebitlerde durnukly ösüş üpjün edilýär. Şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Dşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 42,5 göterim ýokarlandy. Ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegini ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 104,7 göterime, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 98 göterime deň boldy. Býujetiň serişdeleriniň 79,7 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 10,4 göterim köpeldi. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 6,2 milliard manada deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy ulgamlaryň, inženerçilik desgalarynyň gurluşyklary alnyp baryldy.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda döwlet Baştutanynyň garamagyna Yslam Ösüş bankynyň umumy maýasynyň artdyrylmagyna Türkmenistanyň gatnaşmagy hakynda Buýrugyň taslamasyny hödürledi we ol makullanyldy.


düýn 22:17
733

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....