Bethoweni diňlenmek elektromobiliň ýöreýiş ätiýaçlygyny artdyryp biler

Bethoweni diňlenmek elektromobiliň ýöreýiş ätiýaçlygyny artdyryp biler

Günorta Koreýanyň Kia kompaniýasy ulag sürülýän mahaly haýsy sazyň saýlanyşynyň wajyplygyny görkezýän gyzykly bir barlag geçirdi. Görlüp oturylsa, saz elektromobiliň ýöreýiş ätiýaçlygyny uzaldyp ýa-da gysgaldyp bilýän eken. 

Synag üçin 14 dinamikaly Meridian Audio audioulagm bilen enjamlaşdyrylan Kia EV6 GT-Line S ulanyldy. Synaga gatnaşyjylaryň ozal elektromobil sürmekde tejribesi bolmadyk topary EV6-da adatça gündelik geçilýän ýoly - 29 kilometr aralygy  köpgatnawly şäher ýollaryny, ikinji derejeli ýollary, açyk meýdançalary we oba ara egrem-bugram  gumak ýollary aralaşdyryp geçdiler. 
Olaryň hemmesi öňünden düzülen sazýazgyny sesini birmeňzeş düzülen gatylykda goýup diňlediler, şol bir wagtda ýanyňda göterilýän Empatica E4 medisina klassly gurluş olaryň biometriki ölçeglerini ýazgy etdi.  
Netije Bethoweni diňlänler, beýleki käbir depginli sazlary diňlänlere garanda, ulagy dört esse tygşytly sürendiklerini görkezdi. The Weeknd diýilýän çalt depginli meşhur saz  sürüjini batareýany basym tapdan düşürip, gazy basmaga mejbur edýänligi üçin ulag sürmekde tygşytlylygy iki esse kemeldipdir. Şonda Adeliň balladasy "duýguly sürmek stiline" itekläp, ortaça netijäni görkezipdir.