Tesla, Block we Blockstream bitkoinleri Günüň kömegi bilen maýn ederler

  • 11.04.2022 23:32
  • 7.2k+

Tesla, Jek Dorsiniň Block (ozalky Square) kompaniýasy we Blockstream Tehasda bitkoinleri Gün energiýasynyň kömegi bilen maýn ederler. Bu barada CNBC habar berýär.

Kriptowalýutanyň alynjak ýerindäki desga Teslanyň 12 MBt. sag. kuwwaty bolan batareýalary energiýa berer. 
Blockstreamiň bilelikde esaslandyryjysy we baş direktory Adam Bek maýningler hakyndaky maglumatlaryň, şol sanda çykyş kuwwatlyklarynyň we gazanylan bitkoinleriň umumy sanynyň şol wagtyň özünde hemmäniň gözýeterinde boljakdygyny nygtady. 

"Bu bitkoinleriň maýninginiň energetika infrastrukturasyny hiç hili zyňyndysyz maliýeleşdirip biljekdigi we geljekde ykdysady taýdan ösüşe täsirini ýetirjekdigi baradaky tezisimiziň tassyk bolmagyna tarap ädilen ädimdir" - diýip, işewür mälim etdi.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

18.04.2026 16:22
4.3k+

Niderlandlar Ýewropada ilkinji bolup jemgyýetçilik ýollarynda Teslanyň awtopilot ulgamyny ulanmaga rugsat berdi

Niderlandlar “Tesla” kompaniýasynyň awtopilot ulgamyny jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat beren ilkinji Ýewropa ýurdy boldy. Bu barada Reuters habar berýär....

02.03.2026 23:27
1.8k+

Tesla Cybertruck-da sesi basmak ulgamyny işjeňleşdirýär

Tesla kompaniýasy Cybertruck elektrik pikaplarynda uzakdan işleýän programma üpjünçiliginiň täzelenmegi arkaly işjeň ses ýatyryş ulgamyny (ANC) işe girizer. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda we öndürijiniň hyzmat resminamalarynda täzelenen enjamlaryň sanawynda yglan edildi...

03.02.2026 12:23
2.4k+

Ilon Mask öz-özüni okatmaga ukyply «Optimus» robotlarynyň täze neslini tanyşdyrdy

Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask adam şekilli Optimus robotynyň üçünji nesliniň ýakyn wagtda tanyşdyryljakdygyny habar berdi. Bu barada Tesla kompaniýasynyň «Weibo» durmuş ulgamyndaky resmi sahypasynda mälim edildi...