Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze içeri işler ministrini belledi

  • 06.04.2022 22:39
  • 51k+

Şu gün, 6-njy aprelde geçirilen Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny bellemek meselelerine garaldy. Mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Öwezdurdy Hojanyýazowy içeri işler ministri wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine öň Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy bolup işlän Muhammet Hydyrow bellenildi.
Döwlet Baştutany hukuk goraýjy edaralaryň işinde, ýol hereketiniň howpsuzlygyna gözegçilik etmekde ýol berlen kemçilikler barada belledi. IIM ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijesiz  peýdalanýandygyny nygtady.
Ýarym ýyl mundan öň, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmänligi hem-de işde goýberen kemçilikleri üçin Ö.Hojanyýazowa öňki Prezident tarapyndan berk käýinç berlipdi. Şol gezek, berk käýinçde «ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýdurylypdy».


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......