Türkmenistanda demir ýollaryň sowma zolaklary hakynda degişli Tertip tassyklanyldy

  • 27.02.2022 09:01
  • 16k+

“Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibi tassyklanyldy.

25-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew sowma zolaklar üçin ýerleriň hemişelik peýdalanmaga berilýändigi aýdyldy. Sowma zolaklaryň Türkmenistanyň ýer, şähergurluşyk işi, ekologiýa howpsuzlygy, arassaçylyk, ýangyn howpsuzlygy hakynda we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda peýdalanylmalydygy bellenildi. 


şu gün 12:36
840

Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburgda "Ermitaž" muzeýine we Tawriçeskiý köşgüne baryp gördi

19-20-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Modanyň Arkalaşygy” atly IV halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Sankt-Peterburg şäherine sapar amala aşyrdy...

şu gün 11:00
466

Bişkekde CAREC-iň sanly geçelgesini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi

18–20-nji noýabrda maliýe ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň we Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekde geçirilen CAREC 2025 işewürlik forumyna we Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) «Ýaşyl we sanly CAREC» atly 24-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy...

şu gün 10:52
873

Türkmen diplomat-talyplarynyň Saud Arabystanynda okuw sapary tamamlandy

16-20-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynda okuw saparynda boldular...

şu gün 10:39
1.4k+

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň işjeň agzasy boldy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy...