Berdimuhamedow Garagum sährasynda sport awtoulagyny sürdi

  • 21.02.2022 13:54
  • 21k+

20-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň giňişliklerinde sport ulagynda gezelenç etdi. Türkmen Lideri ir bilen sport maşklaryny ýerine ýetirdi we arassa howada birsellem gezelenç etdi. Munuň özi köp babatda saglygyň hem-de kesellere garşy durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär, ruhubelentlik we keýpiçaglyk ýagdaýyny döredýär.

Döwlet Baştutany ir säher bilen Garagum sährasynyň gözel künjekleriniň birine gelip, ýerasty baýlyklary, özboluşly haýwanat we ösümlik dünýäsini özünde jemleýän sähranyň gözýetime uzap gidýän görnüşlerini synlady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgeniň lybasyny geýdi we ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirdi. Türkmen Lideri ýaryş awtoulagynda çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini amala aşyrdy.

Döwlet Baştutany sport ulagyny çylşyrymly sähra ýollary bilen ýokary tizlikde sürüp barşyna, ulagda tehniki näsazlyklar ýüze çykdy. Şunuň ýaly garaşylmadyk waka bolan pursadynda türgeniň çylşyrymly ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmegi sportuň bu görnüşiniň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Türkmen Lideri tehniki näsazlygy, awtoulagyň hereketiniň togtamagyna sebäp bolan ýagdaýy tiz düzedip, awtoulagyň tehniki ýagdaýyny ýene bir gezek gözden geçirdi we ýoluny dowam etdi. Şunlukda, awtoulag ýokary tizlikde Garagum sährasynyň tebigy päsgelçiliklerinden aňsatlyk bilen geçdi.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......