Çarlz Oliweýra Dastin Porýeni ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk guşagyny gorady

  • 13.12.2021 19:21
  • 13k+

Las-Wegasdaky (Newada, ABŞ) "Ti-Mobaýl Arenada" UFC 269 ýaryşy tamamlandy. Agşamyň esasy söweşinde UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýra amerikaly Dastin Porýeni ýeňip, çempionlyk guşagyny gorady.

Oliweýra ýeňil agram derejesinde iň gowy söweşijileriň başyny çekýän Porýeni demikdiriji emel bilen ýeňmegi başardy. Bu söweşden öň hem Çarlz Oliweýra yzly-yzyna dokuz söweşde ýeňiş gazanyp gelýärdi.
Mundan başga-da, söweş agşamynyň görnükli duşuşyklarynyň birinde braziliýaly Amanda Nunýez amerikaly Julianne Penýadan ýeňildi. 32 ýaşly Penýa ikinji raundda demikdiriji emel ulandy we öz agramynda UFC-niň täze çempiony boldy. 33 ýaşly Nunýez UFC-de 2015-nji ýyldan bäri ýeňilmändi.


10.12.2025 16:47
15k+

Tramp Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda dokuz titul söweşiniň boljakdygyny aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamda meýilleşdirilen Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýaryşynda dokuz çempionlyk söweşiniň geçiriljekdigini aýtdy. «Ak tamda UFC ýaryşy 14-nji iýunda geçer...

07.12.2025 21:24
13k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy...

05.12.2025 16:42
11k+

UFC 323-de iki çempionlyk söweşi geçiriler: Dwalişwili – Ýan we Pantoža – Wan

7-nji dekabrda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçiriler we onuň çäginde iki titul söweşi bolar. Agşamyň esasy wakasynda has ýeňil agramda çempion Merab Dwalişwili (Gruziýa) 2025-nji ýylda eýýäm dördünji titul goragyny geçirer...

01.12.2025 12:08
16k+

Kriştianu Ronaldu garyşyk başa-baş söweş promouşeninde paý satyn aldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” saud klubunyň futbolçysy Kriştianu Ronaldu Ispaniýanyň garyşyk başa-baş söweş (MMA) promouşeni WOW FC-niň paýdary boldy. Bu barada ol X sosial ulgamynda habar berdi...