Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň çykyşlarynyň tertibi

  • 07.12.2021 23:41
  • 15k+

7-17-nji dekabrda Daşkentde (Özbegistanda) Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär. Dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşda Türkmenistandan 11 türgen wekilçilik edýär:

Zenanlar topary:
Ýulduz Jumabaýewa (49 kg çenli)
Bägül Berdiýewa (49 kg çenli)
Polina Gurýewa (59 kg çenli)
Gülnabat Kadyrowa (71 kg çenli)
Aýsoltan Toýçyýewa (81 kg çenli).

Erkekler topary:
Seýitjan Mirzaýew (61 kg çenli),
Maksat Meredow (73 kg çenli),
Rejepbaý Rejepow (81 kg çenli)
Şatlyk Şöhradow (81 kg çenli)
Rüstem Annaberdiýew (89 kg çenli)
Hojamuhammet Toýçyýew (109 kg-dan ýokarda).

Türkmenistandan ilkinji bolup 49 kg çenli agram derejesinde Ýulduz Jumabaýewa we Bägül Berdiýewa medal ugrunda ýaryşa goşularlar. Olar «A» toparda 8-nji dekabrda aşgabat wagty bilen 19:00-da çykyş ederler.

9-njy dekabrda 16:00-da «A» toparda Seýitjan Mirzaýew 61 kg çenli agram derejesinde çykyş eder.
10-njy dekabrda 19:00-da Maksat Meredow «A» toparda 73 kg çenli agram derejesinde çykyş eder.
11-nji dekabrda 19:00-da Polina Gurýewa «A» toparda 59 kg çenli agram derejesinde çykyş eder.
12-nji dekabrda 13:00-da Rejepbaý Rejepow «B» toparda 81 kg çenli agramda, Şatlyk Şöhradow «A» toparda 19:00-da  çykyş eder.
13-nji dekabrda 10:30-da Rüstem Annaberdiýew «B» toparda 89 kg çenli agramda ýaryşa goşular. Gülnabat Kadyrowa «A» toparda 71 kg çenli agramda ýaryşa çykar. Ýaryş 19:00-da başlar.
15-nji dekabrda 16:00-da Aýsoltan Toýçyýewa «A» toparda 81 kg çenli agramda çykyş eder.
17-nji dekabrda 16:00-da Hojamuhammet Toýçyýew 109 kg-dan ýokary agramda çykyş eder.


şu gün 11:27
1.1k+

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......

19.05.2026 16:26
7.1k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

19.05.2026 14:50
5.3k+

Türkmenistan 42 medal bilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýeledi

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kontakt jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda 42 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeledi....

14.05.2026 15:38
2.4k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....