2021-nji ýylda dünýäde syýahatçylyk pudagynyň girdejileri $1 trln azalyp biler

  • 05.12.2021 22:32
  • 3.1k+

Şu ýylyň ahyrynda dünýäde syýahatçylyk pudagynyň girdejileri COVID-19 pandemiýasyndan öňki görkeziji bilen deňeşdirilende 1 trln dollar azalyp biler. Bu barada BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy habar berdi diýip, TASS belleýär.

“2021-nji ýylda halkara syýahatçylykdan gelýän girdeji 700-800 mlrd dollara ýetip biler, bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende sähel gowulaşmadyr, ýöne 2019-njy ýylda hasaba alnan 1,7 trln dollaryň ýarysyndanam azdyr. Syýahatçylygyň ykdysady goşandy 2021-nji ýylda 1,9 trln dollar bolup, bu pandemiýadan öňki 3,5 trln dollar görkezijiden ep-esli pesdir” – diýip, gurama belleýär. Beýleki ýurtlara syýahat edýän syýahatçylaryň sanynyň 2019-njy ýyldaky görkezijiden 70-75% pes bolmagyna garaşylýar. 

“Halkara syýahatçylygyň howpsuz gaýtadan dikeldilmegi, esasan, syýahat çäklendirmeleri babatynda ýurtlaryň koordinirlenen jogap hereketlerine, ylalaşylan howpsuzlyk we arassaçylyk teswirnamalaryna hem-de sarp edijileriň ynamyny dikeltmäge kömek etjek netijeli aragatnaşyga bagly bolar. Bu käbir sebitlerde kesel hadysasynyň sanynyň ýokarlanýan, dünýäniň dürli künjeklerinde COVID-19-yň täze görnüşleriniň peýda bolýan döwründe aýratyn möhümdir” – diýlip, guramada bellenildi. 

2020-nji ýyl şeýle statistikanyň ýöredilýän taryhynda dünýä syýahatçylygy üçin iň ýaramaz ýyl boldy. Daşary ýurtlara gidýän syýahatçylaryň sany 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 1 mlrd azaldy, şonda bu görkeziji 1,5 milliarda ýetipdi. 


düýn 23:36
681

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
4.8k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.4k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.1k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......