Ebrahim Raisi Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar bilen duşuşdy

  • 28.11.2021 14:01
  • 7.5k+

Daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylar Eýran Yslam Respublikasynyň raýatlary bolup durýar. EYR-nyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary bolsa şol raýatlarymyzyň saparlaryna, iş üpjünçiligine we maýa goýumlaryna ýardam etmelidirler. Bu barada Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi şenbe güni agşam Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar bilen duşuşygynyň barşynda belledi diýip, IRNA habar berýär.

Raisi sebit döwletleri, aýratyn hem, goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ösdürmegiň möhümligini belläp geçdi. Raisi Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady, medeni we syýasy gatnaşyklaryň häzirki derejesiniň ýeterlik däldigini belläp, Aşgabat bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge çagyrdy.

«Sebit we goňşy döwletler eýran harytlaryna we hyzmatlaryna ynam bildirýärler we biz häzirki mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanmalydyrys» diýip ol belledi.

Raisiniň aýtmagyna görä, iki ýurt hem nebit, gaz, energetika we üstaşyr ýük daşamalar ýaly ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.

«Eýran sebite eksportynyň möçberini iki esse artdyryp, ony 40-50 mlrd dollara çenli ýokarlandyrmaly» - diýip Raisi aýtdy.


düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......