Demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibiniň taslamasy taýýarlanylýar

  • 27.11.2021 19:14
  • 9.3k+

26-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Demir ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, bu taslamada demir ýollara ýanaşýan, demir ýollaryň tutýan ýa-da şeýle ýollaryň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenilen, demir ýol beketleriniň, suw sowujy we berkidiji gurluşlaryň, demir ýollaryň ugrundaky gorag zolaklarynyň, aragatnaşyk geçirijileriniň, elektrik üpjünçilik enjamlarynyň, önümçilik we başga jaýlaryň, gurluşlaryň, desgalaryň, demir ýol ulagynyň beýleki desgalarynyň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenilen ýer bölekleriniň bellenilmegi hem-de peýdalanylmagy bilen bagly gatnaşyklar düzgünleşdirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzüminiň döwrebap desgalarynyň kuwwatyndan doly peýdalanmagyň hem-de demir ýol boýunça daşalýan ýükleriň mukdarynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyny gazanmagyň zerurdygyny nygtady.


28.06.2026 20:40
2.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....

28.06.2026 15:06
2.4k+

Ryanair awiakompaniýasy ene-atalara çagalarynyň ýanynda mugt oturmaga rugsat berdi

Irlandiýanyň Ryanair awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň Bäsdeşlik we bazarlar boýunça edarasynyň (CMA) derňew işine başlamagyndan soň, uçaryň bortunda maşgala agzalaryny oturtmagyň düzgünlerini üýtgetdi.......

28.06.2026 00:03
3.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......