Aljamein Sterling çykyş edýän agram derejesini üýtgedip biler

  • 22.11.2021 23:45
  • 3.9k+

Has ýeňil agramda UFC-niň çempiony Aljamein Sterlingiň başga agram derejesine geçmegi mümkin. Bu barada onuň öz sözlerine salgylanyp, fighttime.ru habar berýär.

Ol öz diwizionynda altynjy orunda durýan dosty we topardaşy Merab Dwalişwiliniň titul gazanmagyna päsgel bermezlik üçin şeýle karara geldi diýip, çeşme belleýär. Sterling özüni hem-de dosty Meraby bir halkanyň içinde göz öňüne getirip bilmeýändigini, ýakyn dosty hem-de topardaşydygy üçin onuň bilen garşydaş bolmak islemeýändigini aýdýar.

“Men ýarym ýeňil agram derejesine geçmek hakda pikir etdim. Ikimizede-de has ýeňil agrama düşmek kyn, ýöne häzir biz karýeramyzyň dürli basgançaklarynda, şonuň üçinem belki men oňa ýol berip, 145 funta çenli göterilerin" diýip, çeşme Sterlingiň sözlerini getirýär.

Sterling indiki söweşini UFC-niň has ýeňil agramdaky çempiony Pýotr Ýana garşy geçirer diýlip garaşylýar.


düýn 19:06
7.4k+

Derrik Lýuis UFC on ESPN 70 agşamynyň esasy söweşinde Teýşeýrany 35 sekuntda nokaut etdi

13-nji iýulda ABŞ-nyň Neşwil şäherinde geçirilen UFC on ESPN 70 ýaryşynyň esasy tutluşygynda agyr agramda amerikaly  söweşiji Derrik Lýuis braziliýaly Tallison Teýşeýrony birinji raundda 35-nji sekuntda tehniki nokaut bilen ýeňdi...

düýn 07:39
6k+

Merab Dwalişwili Mahaçewden öňe geçip, ESPY tarapyndan ýylyň söweşijisi boldy

Neşwillde geçirilen UFC on ESPN 70 ýaryşynda UFC promouşeni “UFC-de ýylyň söweşijisi” nominasiýasynda ESPY 2025 baýragynyň ýeňijisini yglan etdi. Ol iň ýeňil agramda çempion Merab Dwalişwili boldy. Gruzin-ispan...

03.07.2025 10:25
12k+

Iliýa Topuriýa UFC-niň iň gowy söweşijileriniň umumy reýtinginde Islam Mahaçewden öňe geçdi

UFC Las-Wegasda (ABŞ) geçen dynç günleri geçirilen UFC 317 ýaryşyndan soň iň gowy söweşijileriň reýtingini täzeledi. Gruziýadan ýeňil agramda (70 kg çenli) çempion Iliýa Topuriýa UFC-niň Pound-For-Pound (agram derejesine garamazdan) umumy reýtinginiň başyna geçdi, ol birinji orundan russiýaly Islam Mahaçewi gysyp çykardy...

29.06.2025 12:13
14k+

Topuriýa birinji raundda Oliweýrany nokauta gidirip, ýeňil agramda UFC-niň çempiony boldy

Ispan-gruzin gelip çykyşly söweşiji Ilýa Topuriýa UFC-niň ýeňil agram derejesindäki boş guşagyň täze eýesi boldy. Ol UFC 317 ýaryşynyň esasy söweşinde braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňdi. Ýaryş 29-njy iýunda Las-Wegasda geçirildi...