Sulşer «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

  • 21.11.2021 22:05
  • 7.6k+

Norwegiýaly hünärmen Ule-Gunnar Sulşer «Mançester Ýunaýted» iňlis futbol klubynyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Klub Sulşeriň wezipesinden boşadylandygy ýa-da öz islegi boýunça gidendigi barada takyklamaýar.
Wezipeden boşadylmaklyk «ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda» diýlip bellenildi. The Times neşiriniň maglumatlaryna görä, Ule-Gunnar 7,5 mln funt sterling möçberde öwez tölegini alar.

«Klub möwsümiň ahyryna çenli baş tälimçiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirjek hünärmeni belleýänçä, ýakyndaky oýunlarda kluba Maýkl Karrik ýolbaşçylyk eder» — diýlip, klubyň saýtynda bellenilýär.

Sulşer 48 ýaşynda, ol «Mançester Ýunaýtede» 2018-nji ýylyň dekabrynda bellenildi. Şu ýylyň iýulynda tälimçi klub bilen 2024-nji ýyla çenli täze şertnama baglaşdy.
«Mançester Ýunaýted» Angliýanyň çempionatynda 17 utuk bilen ýedinji ýerde barýar. Birinji ýerde barýan «Çelsiden» 12 utuk yzda. 20-nji noýabrda klub «Uotforddan» 1:4 hasabynda ýeňildi.


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......