Pandemiýa bilen baglanyşykly 28 müň tonnadan gowrak plastik galyndy ummana düşdi

  • 19.11.2021 14:45
  • 13k+

Hytaýly we amerikaly alymlaryň tagallalary netijesinde taýýarlanylyp, “Live Science” amerikan web-saýtynda ýerleşdirilen hasabata laýyklykda, COVID-19 pandemiýasy döwründe örtükler we ellikler ýaly 28 müň tonnadan gowrak plastik galyndy ummana düşdi. Bu barada avesta.tj habar berýär.

“The Guardian” gazetiniň habar bermegine görä, ýakyn ýyllarda Arktikada koronawirus pandemiýasy sebäpli taşlanan plastik ellikler we käbir gaplaýyş materiallary peýda bolup biler.

Pandemiýanyň başlanan döwründen 2021-nji ýylyň awgust aýynyň ortalaryna çenli 193 ýurt pandemiýa bilen baglanyşykly, takmynan, 9,2 mln tonna plastik galyndy öndürdi. Gözlegçiler makalada şeýle belleýärler: “Biziň hasaplamalarymyz şu asyryň ahyryna çenli pandemiýa bilen baglanyşykly plastik galyndylarynyň ählisiniň diýen ýaly ahyrky netijede ummanyň düýbüne düşjekdigini (28,8%) ýa-da kenara zyňyljakdygyny (70,5%) görkezýär, bu bolsa deňiz ekoulgamyna zyýan ýetirip biler”.

Hususan-da, olar lukmançylyk galyndylarynyň suw howdanlaryna düşmegine ýol bermezlik üçin, lukmançylyk plastik galyndylaryny ýygnamak, gaýtadan işlemek we ulanmak ulgamlaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. Mundan başga-da, bir gezeklik plastikleriň ulanylmagyny çäklendirmek we ekologiýa taýdan howpsuz alternatiwalaryň ulanylyş gerimini giňeltmek gerek.


16.02.2026 15:06
9.2k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...

15.02.2026 17:58
5.4k+

Fin aýlagyny soňky on ýylyň dowamynda görülmedik derejede buz örtdi

2026-njy ýylyň fewralynda Fin aýlagyndaky buzuň meýdany soňky on ýyl boýunça iň uly derejesine ýetdi. Bu barada Helsingin Sanomat gazeti habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, buzuň galyňlygy häzirki wagtda 10-dan 40 santimetre çenli ýetýär...

05.02.2026 18:47
8.6k+

Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

Marokkoda güýçli ýagyşlar we derýa joşgunlary halky howp astynda goýdy.  Häkimiýetler siliň gelmegi ähtimallygy zerarly ýurduň demirgazygyndaky Ksar-el-Kebir şäheriniň ýaşaýjylaryny köpçülikleýin ewakuasiýa edip başladylar...

16.01.2026 09:05
2.9k+

2025-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girdi

2025-nji ýyl XIX asyryň ortalarynda yzygiderli gözegçilik başlany bäri iň yssy ýyllaryň sanawynda üçünji boldy. Bu barada ÝB-niň «Copernicus» klimat agentliginiň we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian habar berýär...