Türkmenistanda 32629 gektar meýdanda oba hojalyk maksatly ýer gaznasy dörediler

  • 17.11.2021 17:56
  • 5.5k+

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 326 müň 29 gektar meýdanda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy. Bu barada Hökümetiň 16-njy noýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew hasabat berdi.

Wise-premýer bu ýörite ýer gaznasyndan berilmegi göz öňünde tutulýan ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, galan böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de berlen umumy ýer bölegi üçin bugdaý we gowaça hasylyny ösdürmek boýunça bellenen meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere ýer böleklerini 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermegiň teklip edilýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutany hususy maýa goýumlaryň döwrebap oba hojalyk önümçiliklerini, täze iş orunlaryny döretmegiň esasy bolmalydygyny belledi we hödürlenen teklipleri makullap, olary degişli edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.


düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......