Harby we hukuk goraýjy edaralaryň 10 aýda eden işlerine seredildi

  • 04.11.2021 08:02
  • 13k+

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň on aýynyň jemleri boýunça geçirilen mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary degişli döwürde öz garamagyndaky edaralarda ýerine ýetirilen işler barada gezekli-gezegine hasabat berdiler. Onuň dowamynda Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysynyň “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Permanynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi barada hem habar berildi.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň garamagyna häzirki zaman gämilerini gurmak boýunça teklipler hem-de täze gämileriň taslamalary we nusgalarynyň şekilleri hödürlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow türkmen Lideriniň Bagabat şäherçesinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetini döretmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi we kömekçi hojalygyň düzümleriniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny hödürledi.

Döwlet Baştutany hödürlenen çyzgylar bilen tanşyp, bu künjekde ekerançylygyň, miweçiligiň ösdürilmeginiň dag etekleriniň ekologiýa derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýaş esgerleriň harby gullugynyň zähmet terbiýesi bilen utgaşdyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidigini belledi.


şu gün 11:13
2.7k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......

11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....