Döwletjan Ýagşymyradow Albrektsson bilen tutluşygy üçin 70 müň dollar gazandy

Döwletjan Ýagşymyradow Albrektsson bilen tutluşygy üçin 70 müň dollar gazandy

Allboxing internet neşiri 17-nji oktýabra geçilýän gije Amerikanyň Finiks şäherinde (Arizona ştaty) geçirilen Bellator 268 ýaryşyna gatnaşyjylaryň gonorarlary barada maglumaty neşir etdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, şwesiýaly Karl Albrektssona garşy tutluşygy üçin 32 ýaşly türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow 70 müň dollar gazandy. Onuň garşydaşy bolsa 50 müň dollar gazandy.
Belläp geçsek, Ýagşymyradow eminleriň biragyzdan karary bilen Albrektssondan ýeňildi (29:28, 29:28, 29:28).