HBS: Dewid Bekham DÇ-2022-niň ýüzi bolup, ýylda 18 mln ýewro gazanar

  • 26.10.2021 17:30
  • 7.1k+

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Dewid Bekham 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek Dünýä çempionatynyň ýüzi bolar. Bu barada ýekşenbe güni championat.com habar berdi.

Çeşmäniň habaryna görä, bu hyzmatdaşlyk hakynda geljek aý yglan ediler. Bekham ýylda 15 million funt sterling (18 million ýewro) girdeji getirjek şertnama razy boldy. Taraplaryň arasyndaky şertnama 10 ýyl üçin göz öňünde tutuldy we şol döwür içinde Bekham Kataryň ilçisi bolar. Şertnama gol çekmezden ozal Bekham janköýerleriň Katarda howpsuz boljakdygy babatda arkaýyn edildi.

“Dewid Kataryň öňegidişlige ygrarlydygyna we Dünýä çempionatynyň ýurda möhüm oňyn özgerişlikleri getirip biljekdigine ynanýar. Ol futbolyň düşünişmezlikleri ýeňip geçmekdäki güýjüne berk ynanýar" diýip, The Sun Bekhamyň sözlerini getirýär.

Katardaky Dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda geçiriler.


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.1k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......