Ýupiter planetasy äpet asteroid bilen çaknyşdy

  • 26.10.2021 17:38
  • 23k+

Gün ulgamynyň iň uly planetasy bolmak aňsat däl: Ýupiter ýene-de mähnet asteroid bilen çaknyşdy. Bu barada astronews.ru habar berdi.

Ýakynda ýaponiýaly asmany synlaýjylar planetanyň demirgazyk ýarym şarynda asteroidiň Ýupiter bilen çaknyşmagy sebäpli ýüze çykan ýagtylygy gördüler. Şuňa meňzeş ýagdaýa mundan bir aý öň braziliýaly asman synlaýjylary hem gözegçilik edipdiler.

"Ýagtylyk örän uzak wagtlap şöhle saçýan ýalydy" diýip, “Celestron” teleskopy arkaly ony surata düşüren Twitter ulanyjy yotsuyubi21 belleýär.

Ýaponiýanyň Kioto uniwersitetiniň astronomy Ko Arimatsunyň ýolbaşçylygynda "Tötänleýin hadysalara syn etmek üçin guramaçylykly awto teleskoplar" (OASES) taslamasyna gatnaşýan gözlegçiler topary hem muny tassyklady.

Ýupiter öz massasy bilen baglanyşykly güýçli dartyş güýji sebäpli beýle ýagdaýy häli-şindi başdan geçirýär: Gün ulgamyny hapalaýan asteroidler ýaly kiçijik zatlar planetanyň dykyz, turbulent atmosferasyna aňsatlyk bilen siňip bilýär. Gözlegleriň görkezişi ýaly, diametri azyndan 45 metr bolan jisimler ortaça her aýda Ýupiter bilen çaknyşýar.

25.06.2026 12:37
7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....