Türkmen parlamentarileri Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşdylar

  • 15.10.2021 08:24
  • 2.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň gatnaşmagynda guralan III Ýewraziýa zenanlar forumynyň işine gatnaşdy. Gibrid görnüşde geçirilen duşuşygyň esasy mowzugy “Zenanlar: täze döwürdäki ählumumy wezipe” diýlip atlandyryldy.

Gün tertibine sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, ekologiýa ugrundaky göreşde, sanlylaşdyrmagy, ykdysadyýeti ösdürmekde hem-de durmuş özgertmelerinde zenanlaryň orny bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Milli parlamentiň wekilleri “Diplomatiýany, parahatçylygy we ynanyşmagy ösdürmekde zenanlaryň wezipesi” atly umumy mejlisde çykyş edip, foruma gatnaşyjylary ýurdumyzyň dürli ulgamlarda, şol sanda parlamentara gatnaşyklarda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, integrasiýa işlerini giňeltmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary bilen tanyşdyrdylar.

Foruma gatnaşyjylar tutuş dünýäde howpsuzlygy, durmuş rowaçlygyny üpjün etmek, saglygy goraýşy ösdürmek hem-de ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Forumyň işi 15-nji oktýabra çenli dowam eder.


düýn 23:23
1.5k+

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

30.04.2026 18:37
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

30.04.2026 16:55
2.5k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

30.04.2026 16:17
3.6k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....