Futbol boýunça Ýewropa çempionaty-2024-iň nyşany tanyşdyryldy

  • 09.10.2021 15:56
  • 5.6k+

UEFA 2024-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň nyşanyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Ýewro-2024-iň nyşany Ýewropa ýurtlarynyň 55-siniň baýdagy üçin umumy alty reňki, şeýle hem final oýnunyň geçiriljek ýeri bolan Berlin "Olimpiaştdadionynyň" çyzgylaryny özünde jemleýär.

Belläp geçsek, Ýewropa çempionaty-2024 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçiriler. Final tapgyrynyň bije çekilişigi 2023-nji ýylyň dekabrynda Elbe filarmoniýasynda geçiriler. Final tapgyrynda alty toparçada 24 topar çykyş eder.

Germaniýa ýaryşyň ýer eýesi hökmünde Ýewropa çempionatynyň gönüden-göni final tapgyryna çykdy, galan gatnaşyjylar saýlama tapgyrynyň netijelerine görä kesgitlener. Saýlama ýaryşy üçin bije çekilişigi 2022-nji ýylyň dekabrynda geçiriler.


düýn 17:27
5.1k+

Zlatan Ibragimowiç EA Sports FC 26-nyň ýüzi boldy

Şwesiýaly futbolçy Zlatan Ibragimowiç EA Sports FC 26 futbol simulýatorynyň mahabat kampaniýasynyň esasy gahrymany boldy. Onuň suraty oýnuň treýleriniň we ultimatiw nusgasynyň (bonuslar bilen oýnuň giňeldilen görnüşi) daşynda peýda boldy...

düýn 12:11
4k+

39 ýaşly Luka Modriç resmi taýdan “Milanyň” oýunçysy boldy

Horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç resmi taýdan “Milanyň” oýunçysy boldy. 14-nji iýulda ol lukmançylyk barlagyndan geçip, italýan kluby bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy. Şertnamada ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar...

düýn 10:24
6.9k+

Klublaýyn dünýä çempionatynda klublaryň näçe gazanandygy belli boldy

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň jemi boýunça ýaryşyň ýeňijisi bolan Angliýanyň “Çelsisi” 114,6 mln dollar gazandy. Bu barada Swiss Ramble habar berýär. Topar finalda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparyny 3:0 hasabynda utdy...

14.07.2025 13:04
6.5k+

Koul Palmer Klublaýyn dünýä çempionaty – 2025-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionaty ýaryşynyň jemi boýunça aýry-aýry nominasiýalarda ýeňijiler yglan edildi. Ýaryşyň iň gowy oýunçysy “Çelsiniň” angliýaly ýarymgoragçysy Koul Palmer boldy. Ol alty oýna gatnaşyp, üç gol we iki assist bilen tapawutlandy...