Bitkoiniň bahasy 7-nji sentýabrdan bäri ilkinji gezek 50 müň dollardan geçdi

Bitkoiniň bahasy 7-nji sentýabrdan bäri ilkinji gezek 50 müň dollardan geçdi

Söwda sessiýasynyň dowamynda bitkoin 5,22% ýokarlanyp, 50 227,07 dollara ýetdi. Muny Aşgabat wagty bilen 14:50-de Coindesk portalynyň maglumatlary delillendirýär.

Şeýlelik bilen, kriptowalýutanyň bahasy 7-nji sentýabrdan bäri ilkinji gezek 50 müň dollardan geçdi diýip, iz.ru belleýär.
Sagat 14:57-däki maglumatlar boýunça, bitkoin ösüşini 5,42%-e çenli ýokarlandyrdy we 50 301,95 dollar derejesinde saklandy.