Microsoft kompaniýasy Windows 11-i bellenilen möhletden bir gün öň çykardy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-i bellenilen möhletden bir gün öň çykardy

Microsoft Windows 11 operasion sistemasyny möhletinden ir çykardy. Täzelenen sistema bellenilen seneden bir gün öň ýüklemek üçin elýeterli boldy diýip, realnoevremya.ru habar berýär.

Eýýäm häzir ýakynda Windows 10 platformasynda bolan gurluşlary satyn alan ulanyjylar Windows 11-i ýükläp alyp bilýärler. Ähli gabat gelýän gurluşlar üçin bolsa täze operasion sistema diňe 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli elýeterli bolar. 

Windows 11 bilen gurnalan şahsy kompýuterler we noutbuklar satuwa 5-nji oktýabrdan çykarylar. 

Täzelenme interfeýse, “Pusk” menýusyna we wijetlere degişli bolar. Şeýle-de, üýtgeşmeler programmalary gurnamak üçin Microsoft Store serwisine, wideo konferensiýalar üçin Microsoft Team platformasy bolan integrasiýa we beýleki birnäçe funksiýalara-da täsir eder. Geljek birnäçe aýyň dowamynda kompaniýanyň işläp düzüjileri ýene bir täzeligi – Windows 11-de Android programmalaryny ulanmak mümkinçiligini synagdan geçirip görerler.