Türkmenistan Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasyndan karz serişdelerini çeker

  • 02.10.2021 13:30
  • 7.4k+

Türkmenistan ýurtda amala aşyrylýan iri taslamalary maliýeleşdirmek maksady bilen, Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasyndan (ITFC) karz serişdeleri çeker we degişli Çarçuwaly ylalaşygy baglaşar.  Bu baradaky teklibi Hökümetiň 1-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow türkmen Liderine hödürledi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow gözegçilik edýän edaralarynyň alyp barýan işleri hem-de ykdysady, maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde geljegi uly taslamalary maliýeleşdirmek üçin maýa goýum syýasatynyň wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy. Şonuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanyna Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasyndan (ITFC) karz çekmäge we Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmaga rugsat almak barada haýyş bilen ýüzlendi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Yslam ösüş bankynyň hem-de onuň toparyna girýän düzümleriň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarydygyny aýdyp, bankyň iri halkara taslamasynyň — Demirgazyk — Günorta ulag-kommunikasiýa ulgamyny gurmak baradaky taslamanyň hem-de ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda telemehanika we aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek, Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýolunyň energiýa üpjünçiligi ýaly taslamalaryň maýadarlarynyň biridigini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmen Lideri ýurtda durmuşa geçirilýän taslamalar üçin Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasyndan karz çekmek we Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmak barada hödürlenen teklibi makullap, onuň milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýeri gelende bellesek, Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasy 2008-nji ýylda döredilip, onuň ştab-kwartirasy Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde ýerleşýär. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek bu düzümiň esasy wezipesidir.


şu gün 11:28
487

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 19:44
2k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......