2025-nji ýyla çenli Seulda aerotaksiler peýda bolar

2025-nji ýyla çenli Seulda aerotaksiler peýda bolar

Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda aerotaksileriň söwda taýdan ulanylyşy dört ýyldan başlanar. Bu barada KBS teleýaýlymyna salgylanyp TASS habar berýär. Muny www.belta.by ýetirýär.

Howa taksilerini ýaýratmagyň başlangyç tapgyry 2025-nji ýyldan 2029-njy ýyl aralygynda durmuşa geçiriler. Soňra 2030-njy ýyldan 2034-nji ýyl aralygynda ösüş tapgyry göz öňünde tutulýar, şondan soň 2035-nji ýyldan kämillik döwri diýlip atlandyrylýan tapgyr başlar. Birinji tapgyryň dowamynda sürüjiniň takside hut özüniň bolmagy talap ediler. Ösüş döwründe sürüji aerotaksini uzak aralykdan dolandyryp biler, üçünji tapgyrda ulag doly derejede awtonom bolar.

Duralgalar we gonuş merkezleri hökmünde dik gonuş punktlary peýdalanylar. Ilkibaşda aerotaksileri Seulyň merkezini Kimpho bilen Inçhondaky howa menzilleri bilen birleşdirjek iki ugur boýunça işe girizmek meýilleşdirilýär.

KBS teleýaýlymynyň bellemegine görä, howa taksileri 300 metrden 600 metre çenli belentlikde ýörite bellenilen geçelgeler boýunça uçarlar. Bu 150 metre çenli ýokary galyp bilýän uly bolmadyk dronlar bilen çaknyşmagy aradan aýyrmaly we Koreýada iň beýik diň bolan Lotte World Tower-iň (555 m) üstünden hem uçmaga mümkinçilik bermeli. 

Elektromotorlar we perleriň aýratyn gurluşy aerotaksileriň uçuşyny galmagalsyz eder diýlip çaklanylýar.