Ukraina milli baýdagyny Aýa çykarmak isleýär

Ukraina milli baýdagyny Aýa çykarmak isleýär

"Ukroboronprom" metbugat gullugynyň habaryna görä, Ukrainanyň döwlet baýdagy Aýa eltiler. Bu missiýa “Spacebit” iňlis kompaniýasy bilen bilelikde we beýleki ýurtlaryň kärhanalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar diýip, russian.rt.com habar berýär.

Metbugat gullugynda bellenilişi ýaly, Ukrainanyň hem gatnaşmagynda döredilen we ylmy gözlegler üçin niýetlenen enjamlar Aýa iberiler.

“Ukrain titanyndan 3D printerde çap edilen döwlet baýdagymyzyň (Aýa - RED.) eltilmegi simwolika bolar. Ol taýýarlanylanda, ýaşyl ýa-da galyndysyz önümçiligiň ýörite tehnologiýasy ulanyldy" diýlip, metbugat habarynda aýdylýar.

“Spacebit” web sahypasy 3D printerde çap edilen döwlet baýdagynyň Aý we planetar missiýalar üçin kosmos robot tehnologiýalaryny öndürýän hususy eýeçilikdäki iňlis kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylandygyny öňe sürýär.

Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Ukraina Amerikanyň "Artemida" taslamasy boýunça Aýy özleşdirmek we onuň üstünde Gateway bekedini gurmak baradaky şertnama gol çeken dokuzynjy ýurt boldy.